ÜSTÜNLIGIŇ GÖZBAŞY

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler aýratyn many-mazmun bilen baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiz döwletiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlar barada öňdengörüjilikli döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Bu syýasat ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri üçin zerur bolan şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda ylym-bilimde ýaşlara döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin beýan edilýär.

       Ýurdumyzda sanly tehnologiýalara we ylmyň iň täze gazananlaryna uly üns berilýär. Milli ykdysadyýetimizi dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda hem-de bu ugurlar boýunça kämil hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlara döwrebap hünär bilimini bermekde uly işler amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde belent sepgitlere eýe bolan pudaklaryň biri-de himiýa senagaty we himiýa ylmy bolup, bu ugurda ýaşlaryň bilimleri kämilleşdirilýär.

       Türkmenistan dürli tebigy baýlyklara: organiki we organiki däl maddalara, minerallara, uglewodorod serişdelerine baý ýurtdur. Bu baýlyklaryň esasyny düzýän maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda täze polimer, kompozit, sintetik maddalary sintezlemek, alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly önümleri öndürmek, oba hojalygy üçin zerur bolan täze dökünleri almak, himiýa senagatyny we himiki tehnologiýalary ösdürmek şu günüň esasy wezipeleri bolup durýar. Ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olara ylym öwretmek, işleriň ylmy esasda ýola goýulýandygyny düşündirmek bilim işgärleriniň, mugallymlaryň paýyna düşýär. Bu ugurda ýokary okuw mekdebimizde hem uly işler alnyp barylýar. Esasan hem, okuw sapaklarynda talyplara himiýa we himiýa tehnologiýalary hakynda giňişleýin düşünje berilýär.

       Häzirki döwürde himiýa ylmynyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça innowasion tehnologiýalary işläp düzmek babatda yzygiderli işleri geçirmek ýaly möhüm wezipeler üstünlikli ýola goýulýar. Öňde duran wezipeleriň hatarynda «ýaşyl» tehnologiýalaryň esasynda senagat suwlaryny we önümçilik galyndylaryny arassalamak hem-de gaýtadan işlemek wezipeleri-de bar.

       Ýurdumyzda milli himiýa pudagyny ösdürmek boýunça guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Milli himiýa senagaty pudagy mineral dökünleri, natriý sulfatyny, ýody, bromy we brom önümlerini, tehniki uglerody we beýleki önümleri öndürýär. Milli senagatda täze önümçilikleriň ýola goýulmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işleri ýaşlar syýasatynyň durmuşa ornaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Himiýa senagatyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň hatarynda bu ugurdaky täze önümçiliklerde işlemek üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu işleri üstünlikli ýola goýmak we bilimli hünärmenleri taýýarlamak mugallymlaryň asylly ýörelgesine öwrüldi.

 

Maýagözel KULLAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz

uniwersitetiniň mugallymy.

Mugallymlar gazeti 18.03.2024 ý

Meňzeş habarlar