Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion ösüşi rowaçlanýar, bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär. Hut şonuň üçin hem ylym-bilimiň ösüşini pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply, energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek baş ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde pudaklar ylma daýanyp, ýokary ösüşe eýe bolýar.
Ylym-bilim özgertmelerinden gözbaş alýan netijeli işler milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkidip, ösüşlere badalga berýär. Hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmekde ylmyň tutýan orny uludyr. Şu jähetden, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillerimiziň çuňňur ylymly-bilimli bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki ajaýyp üstünliklere ýetilýän döwrümizde ýurdumyzyň bilim özgertmeleriniň durmuşa giňden ornaşýandygy hemme ugurlarda aýdyň görünýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz halkara forumlaryň, dürli ugurlar boýunça geçirilýän çäreleriň merkezi hökmünde tanalýar. Munuň özi dünýä alymlary bilen tejribe alyşmaga, ýaş hünärmenleri giň dünýägaraýyşly, döwrebap bilimlere düşünýän hünärmenler edip ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem ylmyň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär we bu iş häzirki wagtda hem yzygiderli dowam etdirilýär.
Ylym-bilim syýasatynyň barha rowaçlanýan häzirki döwründe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary ýaşlara bilim-terbiýe bermekde täze usullardan netijeli peýdalanýarlar. Bu işde häzirki zamanyň täze tehnologiýalaryny talabalaýyk ulanyp, döwrebap okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylan binalarda ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamak babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, bu işleriň netijeli we ygtybarly durmuşa geçirilmegi kämil hünärmenleri taýýarlamaga ýardam edýär. Agzalan ugurlarda ýokary görkezijileriň gazanylmagynda bolsa, sanly tehnologiýalaryň orny möhüm bolup durýar.
Ylym-bilim ynsanyň aň-paýhasy bilen rowaçlanýar. Ylym ýurduň kuwwatynyň näderejede ýokarydygyny äleme äşgär edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamy görnetin özgerdi. Ylym ähli ösüşleriň binýadydyr, eşretli we bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşydyr. Goý, ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň barha ýokary belentliklere eýe bolmagy üçin dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Bahargül HANBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
«Mugallymlar gazeti»
13. 03. 2024 ý.