Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Balkan welaýat teleradio studiýasy bilen bilelikde welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.
Geçirilen bu söhbetdeşligiň barşynda çykyş edenler sanly ulgamy ösdürmek halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň hünärmenler we innowasiýalar bilen üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýanlygy, munuň özi ýurtda kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny we pudaklara innowasiýalary ornaşdyrmak babatda daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegini talap edýänligi, şoňa göräde, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» netijeli amala aşyrylýanlygy, iri maýadarlar we innowasion kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edilýänligi dogrusynda giňişleýin gürrüňleri etdiler.
Çykyşlaryň ahyrynda bize häzirkizaman innowasion tehnologiýalardan baş alyp çykarmaga, döwür bilen aýakdaş gitmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Enebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.