ZEHINLI ÝAŞLARYŇ BÄSLEŞIGI

    Golaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleri saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige ugrukdyrmak, olaryň ýerine ýetirijilik ukyp başarnyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem, saz-sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi, welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde welaýatymyzyň çagalar sazçylyk sungat mekdeplerini şu ýylda tamamlaýan uçurym okuwçylaryň arasynda «Zehinli ýaşlar» atly bäsleşigi geçirdi. Bu bäsleşik «Bagşy», «Türkmen milli saz gurallary», «Halk saz gurallary», «Kirişli saz gurallary», «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary», «Fortepiano» ugurlary boýunça geçirildi.

    Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

    Bäsleşige gatnaşan bagtyýar ýaşlar ylymly-bilimli, edep-ekramly, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetleri kemala getirmekde döwlet derejesinde ähli şertlerdir mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, bagtyýar ýaşlarymyzyň geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR