Bilşimiz ýaly, 23-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
Golaýda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynda Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler dünýä siwilizasiýasynyň ilki bat alan ýerleriniň biri bolan Änew şäheri diňe bir türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, külli türki älem üçin-de aýratyn ähmiýete eýedigi barada giňişleýin bellediler. Çärede medeniýet we sungat işgärleri ýürek buýsançlaryny aýdym-sazlaryň, gazallaryň, küştdepdileriň üsti bilen joşgunly wasp etdiler.
Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.