Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda Gyzylarbat etrap şäher medeniýet öýünde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bu babatda alyp barýan işi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan şöhratly taryhymyza we milli medeniýetimize goýulýan sarpa barada hem buýsanç bilen aýdyp geçdiler. Bulardan başga-da, söhbetdeşligiň dowamynda TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen bagly gyzykly çykyşlar diňlenildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy dünýä tanatmakda ägirt uly işleri amala aşyrýan, milli medeniýetimize we taryhymyza uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan sagbolsunlaryny aýtdylar.
Nury NURYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrap Geňeşiniň başlygy.