JAHANY SEÝIL ET!

      Ýurda sapar etmek, sähralary, menzilleri sökmek, bu giň zeminde agaýana dönmek, Taňrynyň gudrat galamynyň sahypalary açylan barlyk kitabyna ýazan ajaýyplyklaryny görmek – bular gursagy giňeldýän we ünji-gam bulutlaryny syryp aýyrýan serişdedir. Ýeli sergin öwüsýän baglyklary, gül çemenli ajaýyp bossanlyklary, göwünhalar jennetleri görmegiň üçin, seniň begenmegiň üçin Allatagala barlyk sahypalaryna gözellik aýatlaryny sünnäläp ýazypdyr. Öýüňden çyk we tebigaty synla. Töweregiňde, öňüňde hem-de ardyňda bar zatlar hakda oýlan. Daglara dyrmaş. Jülgelere in. Baglara aslyşyp hallan at. Ýokumly suwdan owurtla. Jasmin şahalaryna burnuňy goý, şol pursatda öz ruhuňy azat, erkin, agaýana halda duýarsyň. Edil bagtyýarlyk höwürtgesinde joşup saýraýan guş ýaly jürküldärsiň. Öýden çyk we gözüňi ümezledip duran gara perdäni syryp taşla. Soňra Allanyň ýaradan giňiş we ýaýbaň zemininde diliň senaly, tesbi-zikirli syýahat et.

      Dar otagda janalgyç işsizlik we tukatlyk bilen gyslyşyp oturmak özüňe kast etmegiň «üstünlikli» ýoludyr. Seniň otagyň, hernäçe bezelen hem bolsa, ol älem däldir. Sen bolsa ähli adamyň deregini tutup bilmersiň. Ýeri, onsoň näme üçin gaýgy leşgerini bir özüň yzyna serpikdirjek bolýarsyň? Ýeke galýarsyň we dyza çökýärsiň. Gözüňe, gulagyňa, ýüregiňe aýt: goý, olar agras, päli pes bolup, dünýäni seýil etsinler. Gel, bu çeşmeleriň, söýgi sözlerini saýraýan guşlaryň, depelerden iniş kyssasyny söýleýän suwlaryň arasynda kitap okaly! Göwnüçökgünlik derdine ulaşanlara, dar otagyň tümlügine bogulanlara lukmanlar zeminiň gözýetim giňişliklerine, salgym atym ýerlerine gezelenç edip, göwün açmaklaryny maslahat berýärler. Gel, bagtly ýaşamak, şadyýan bolmak, pikirlenmek we amal etmek üçin gezelenç, sapar edeli!

 

Terjime eden: Rahmet GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» kitabyndan.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR