KYNÇYLYKLAR BILEN TAPLAN!

           Sagyňa, soluňa göz aýla, heý-de başy agyrmaýan, damary syzlamaýan adama gözüň düşdümi? Haýsy bir öýde bagry girýan dertliler ýok? Köpsanly adam bardyr, başlary agyr gündedir. Birnäçe adam bardyr, sabryna haýran galar oturarsyň. Bil, derde uçraýan bir özüň dälsiň. Gaýta, özgeleriň ýanynda ýene-de derdi egsik, gaýgysy az bende özüň bolup galarsyň. Ýyllarboýy düşekden galyp bilmän, agyrydan ýaňa perişan ýatan birnäçe adam bardyr. Ýyllarboýy gün şöhlesini görmän, dört diwar-dan başga zady bilmeýän zyndanda ýatan tussaglar bardyr. Ýaşlyk möwsüminde, ömürleriniň gül açan çagynda göwher jigerini ellerinden aldyran ene-atalar bardyr. Gaýgyly, bergidar, derde uçran, hasrata çümen birnäçe adam bardyr. Kynçylyklaryň öňünde ejizleme, gaýta, olary ýeňip, özüňi tapla we beýgel! Dünýä käte zyndan bolup görünse-de, gaýgy-hasratlaryň we külpetleriň mesgeni ýaly bolup dursa-da, ruhdan düşme. Dünýä durmuşy göz ýumup-açasy salymda üýtgäp bilýändir. Öz derdiňi özgeleriň örtenmesi ýa-da öňki ötenleriň agyry-derdi bilen deňeşdirip gör, olara garanyňda seniň süňňüňde dert ýokdugy äşgär bolar. Olaryň agyrysynyň ýanynda seniň çekýän bu derdiň ýönekeý bir sanjym ýaly zatdyr. Allanyň saňa mähirli bakyşyna şükür et. Özüňde ýok zada gyýylma, bar zadyňa welin, şükür et. Şeýdibem, töwrekdäkilerden beýikdigiňe, sagdyndygyňa göz ýetirersiň. Pygamber alaýhyssalamdan nusga al: aýaklary ganjardy, ýüzi ýaralandy, açlyk bilen daňyldy, agaç ýapraklaryny iýip, oňňut etdi. Mekgeden kowuldy, dişleri döwüldi, päkize aýalyna şyltak atyldy. Sahabalaryndan ýetmişisi wepat boldy. Ogluny elden aldyrdy. Açlykdan ýaňa garnyna daş daňyp gezdi. Ony jadygöý, palçy, däli-mejnun, ýalançy diýip atlandyrdylar. Ol sabyr etdi, Allatagala bolsa ony bu zatlaryň ählisinden gorap saklady. Bu adam balasynyň hökmany görmeli synaglarydyr. Musa köteklenildi (kemsidildi), Ybraýym Halyl oda oklanyldy. Dört çaryýarlar hem şol ýoly geçdiler. Görnükli ymamlaryň arkasyna dürre gamçy çalyndy. Ýagşyzadalar zyndana atyldy, asylzadalar kösendi, ýöne ählisi sabyr etdi. Bu kynçylyklar bilen özlerini tapladylar we beýik bolup galdylar.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR