Säher bilen nurly Güneş çoýanynda mährine,
Heniz görülmedik keşbi görýär seniň gözleriň.
Täze güneş, täze many çaýylýar gül şährime,
Waspyny beýan etmäge ejiz gelýär sözlerim.
Ynsanyň ady üç zat bilen, ýagny, ýetişdiren perzentleri, ýazan kitaplary, guran binalary bilen ebedi ýaşaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu mukaddeslikleriň üçüsini hem amal edip, adyny ebedileşdiren beýik şahsyýet. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan parahatçylyk, dostluk-doganlyk, gurmak-döretmek ýaly asylly başlangyçlary bütin dünýäde dabaralanýar. Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa, bedew bady bilen ösýän Garaşsyz döwletimizi belent sepgitleriň nurana ýolundan öňe sary alyp barýar. Ýurdymyzyň röwşen geljegi üçin ähli zerur tagallalary edýär. Şeýle taýsyz tagallalaryň netijesinde ýurdumyz baky bagtyň Güneşiniň düşýän, ak mermerden binýat bolan binalaryň hatar-hatar kerwen guran mesgenine öwrüldi. Muny sanlyja ýyllaryň içinde binýat bolan Arkadag şäheriniň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Ak arzuwlary wysal bolan Magtymguly Pyragynyň heýkeli mesgen tutan, Köpetdagyň eteginde asman şalygyndan ýere inen ýyldyzlardan düzülen monjuk kimin öwşün atýan bu şäher bagtyň mesgeni. Arkadag şäheri – Gahryman Arkadagymyzyň zeminiň üstünde ak mermerli binalardan ýazan ajaýyp sungat eseri. Arkadag şäherini görmäge göz, taryp etmäge söz gerek.
Düýn Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlarydyr bagtyýar talyplary hem taýsyz gözelligini synlap, ondan ylham almak maksady bilen ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäherine gezelenç etdiler.
Mukaddes mesgene gadam basan pursadyň, şäheriň gözel künjeginde çar paýa galyp duran Ak hanyň heýkeliniň gurulmagy, şäheriň binalaryna, şaýollarydyr köçelerine türkmeniň beýik şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy halkymyzyň geçmiş-taryhyna, milli-medeni gymmatlyklaryna goýýan belent sarpasyny alamatlandyrýar. Bu ýerde türkmeniň wepaly dosty bolan bedewleriň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi ýöre ýere däl. Çünki bu şäher ahalteke bedewleriniň kemala gelen mesgeninde binýat boldy. Gezelenjiň dowamynda bagtyň şäheriniň gözel tebigatyny, ak bägüllere çalym edýän beýik binalaryny synlan ýaşlar bu şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen ýakyndan tanyş boldular. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriniň döredilmegi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin öňde goýan Gün tertibiniň durmuşa geçirilýändigini nazara alýar. Durnukly ösüşiň 17 maksadyndan gelip çykýan Arkadag şäherinde ýaşamak, döretmek üçin ähli mümkinçilikler bar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan beýik işlerde, şol sanda gurulýan döwrebap şäherlerde, ilkinji nobatda ýaşlaryň bagtyýar geljegi nazarlanýar. Ýaşlyk, täzeçillik we gözellik! Ynsan durmuşyny özgerdiji bu güýçleriň özara sazlaşygyny Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarynda, döwrebap keşbinde görmek bolýar. Bu bolsa, ýaşlara uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda tutuş bir şäheri gurup, ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlas-aladasyndan, çuňňur paýhasyndan kemala gelen Arkadag şäheri geçmişi yzarlaýan, geljegi nazarlaýan milliligiň kämil nusgasy.
Bütin dünýä nusgalykdyr Arkadagyň eseri,
Görsem diýip arzuw eder her kim gözel şäheri,
Gündizi gül, gije çemen, nuranadyr säheri,
Ýaşlaryň şäheri bagtdan ajaýyp bir nyşandyr.
Bagtyň mesgenine öwrülen, ýaşlaryň şäheri bolan şeýle gözel mesgeni gurup ulanmaga beren, bize yhlasly okamagymyz, döredijiligimi giňden açyp görkezmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Ýaşlary döwletimizň geljegi hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurduň röwşen geljegini nazarlap alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.