SANLY DÜNÝÄ:ÝAŞLAR.ÖSÜŞ.GELJEK

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň meýilnamasy esasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde tassyklanylan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda: «Jemgyýetde asudalygy üpjün etmek, kanunylygy we hukuk tertibini berkitmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, jenaýatçylygyň öňüni almak, raýatlaryň hukuk medeniýetini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini, adamlaryň halal zähmet çekmegi, dynç almagy, bagtyýar maşgalada ýaşamagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleri we ýetilen belent derejeleri, gazanylan üstünlikleri, milli medeniýetimizi, maşgala gymmatlyklaryny, däp-dessurlarymyzy wagyz-nesihat etmek çärelerini geçirmek, Şol çäreleri sanly ulgam arkaly hem guramak» diýip öňde goýulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny wagyz etmek hem-de sanly tehnologiýa ulgamyndan we innowasion serişdelerden peýdalanmagyň medeniýeti barada düşündiriş işlerini alyp barmak, sanly ulgam boýunça ýaşlaryň bilimliligini has-da artdyrmak maksady bilen, jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklarynda «Sanly dünýä:Ýaşlar.Ösüş.Geljek» atly okuw-usuly wagyz-nesihat maslahat duşuşygy geçirildi.

     Geçirilen maslahatda sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçilmegi bilen bir hatarda, kibermediýet sowatlylygyny zerurlygy barada aýdylyp geçildi. Kibermedeniýetiň ösüş bilen bir hatarda, onuň tehnologiýalary, hukuk esaslary, sosial-psihologiki we saglyk ýagdaýlaryna täsirleri barada degişli hünärmenler öz tejribelerini paýlaşdylar. Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary depginler bilen sanlylaşdyrylýar we innowasion ykdysadyýet kemala getirilýär. Diýarymyzda bu ugry ösdürmek boýunça onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär we maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

     Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

     Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda amala aşyrylýan özgertmeler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle resminamalaryň hatarynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem bar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda öňde duran durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär. Bu bolsa halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şertidir.

     Şunda sanly ulgamy ösdürmeklik halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň hünärmenler we innowasiýalar bilen üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar. Munuň özi ýurtda kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny we pudaklara innowasiýalary ornaşdyrmak babatda daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegini talap edýär diýip okuw-usuly maslahatyna gatnaşanlar öz çykyşlarynda aýratyn belläp geçdiler.

     Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek arkaly Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň  hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY