Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde giňden meşhurdyr. Sporta berilýän ünsüň netijesinde geçen sanlyja ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman sport desgalaryň birnäçesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, ussat türgenleriň gatnaşmagynda iri ýaryşlaryň guralmagy hem şeýle diýmäge esas berýär.
Merjen şäherimiz Aşgabatda bina edilen Olimpiýa şäherçesi sebitde deňsiz-taýsyzlygy bilen tapawutlanýan iri toplumlaryň biri hökmünde aklyňy haýrana goýýar. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen, bu şäherçäniň dünýä ýüzündäki meşhurlygy has artdy. Bu gün agzalan şäherçe gözel paýtagtymyzyň görküne nuranalyk goşup, göreniň göwnüni göterýär.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämil, sagdyn bedenli adamlar bolup ýetişmegini gazanmak ugrunda edýän tagallalary bu gün ýurdumyzyň uludan-kiçä ählini begendirýär hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermäge ruhlandyrýar.
Nesip bolsa, ýene-de sanlyja günde Bütindünýä saglyk güni bagtyýarlygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda hem giňden bellenip geçiler. Şol şanly sene mynasybetli giňden ýaýbaňlandyryljak çärelere, şol sanda «Sagdynlyk ruhubelentligiň gözbaşydyr» atly köpçülikleýin welosipedli ýörişe her birimizi uly hyjuw bilen gatnaşarys.
Ýurdumyzy ähli ugurlarda gülledip ösdürmek, ildeşlerimizi bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrundaky taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.
Wepa ANNABERDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.