SAGLYK-BAŞ BAÝLYK

     Ynsanyň iň uly baýlygy saglykdyr. Her bir maşgalanyň sagdynlygy jemgyýetimiziň mizemez binýadyny üpjün edýär, çünki jemgyýet hem uly göwrümli maşgaladyr.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýe-sport hereketi ýurdumyzda görlüp-eşidilmedik uly gerime we ösüşe eýe bolýar. Giň möçberli sport çäreleri sportuň dünýäde meşhur görnüşlerini ösdürmäge, höweslendirmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga hem-de halkymyzy köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga aýratyn üns berilýär.

     Ýaşlary watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda we asylly milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Bagtyýar we ruhubelent ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemra edinýärler.

     Ýurdumyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren, halkymyzyň sagdyn, ruhubelent we bagtyýar durmuşy barada edýän çäksiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Sabina NURMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we informatika institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY