2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti we Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Komitetiniň başlygy Reýnhold Lopatka we bu guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýewiň we Merkezi Geňeşiň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Begenç Halnepesowyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de bu gurama bilen ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi.
Myhmanlar Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan alnyp barylýan giň möçberli işler dogrusynda gürrüň berildi.
Öz gezeginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri guramanyň Parlament ulgamynyň düzümi, syýasy partiýalaryň alyp barýan işleri dogrusynda hem-de bu işleriň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygynda ýaşlaryň işjeň hereketleri we başarnyklary babatynda gürrüň berdiler.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky ählumumy tagallalara özüniň mynasyp goşandyny goşýandygy, sebitde we dünýäde belent abraýly döwlet hökmünde tanalýandygy, özüniň daşary syýasy strategiýasynda dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň bähbidine netijeli işleri alyp barýandygy bellenildi.
Selbi ATAJANOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara
hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni.