Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy has-da kämilleşýär. Bilim edaralarynyň işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Watanymyzdaky ähli orta we ýokary okuw mekdepleri häzirkizaman ülňülerine gabat gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilip, ýaş nesliň sanly ulgamdan peýdalanmagyna giň mümkinçilikler döredilen. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan üç dillilik syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp durmuşa geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem ýaş nesillere dünýä dilleri kämil derejede öwredilýär. Bilimlerini ýokarlandyrmak üçin dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Men hem institutymyzda hereket edýän rus dili boýunça terjime we terjimeçilik işi ugrunda bilim alýandygyma buýsanýaryn. Çünki, dilçi-terjimeçiler milletara gatnaşyklarda mizemez köpri bolup hyzmat edýär. Terjimeçilik işi ukyp-başarnygy, döredijiligi we yhlasly zähmeti talap edýän jogapkärçilikli iş hasaplanylýar. Terjime – bu bellenen maglumaty dil serişdeleriniň kömegi bilen, edebi diliň kadalaryny bozman başga bir dile geçirmekdir. Elbetde bu ulgamyň hem beýleki ulgamlarda boluşy ýaly ýerine ýetirilmeli öz kada-kanunlary bar.
Terjimeçilik öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Has irki döwürlerde adamzat jemgyýetinde dürli tire-taýpalar emele gelip başlanynda olaryň, dilleri hem bir-biriniňkiden tapawutly bolupdyr. Terjimäniň müň ýyllyk taryhynyň bardygyny köp sanly maglumatlar subut edýär. Miladydan öňki 3000 nji ýyllarda ýazylan Şumerleriň Klinopis ýazgylarynyň arasynda terjimeçiler üçin döredilen iki dilli sözlük bolupdyr. Midiýa we Wawilion döwletleriniň arasynda hem hökümdarlaryň buýruklaryny biri-birine ýetiriji terjimeçiler topary döredilipdir. Umuman aýdylanda islendik döwürde terjimeçiler döwletiň özenini tutup gelipdirler. Terjime döräninden soň köp wagta çenli ýazmaça görnüşde bolman, diňe sözleýişde ulanylypdyr. Ilkinji terjimeçiniň zenan bolanlygy barada garaýyşlar bar, ýagny bu çaklama beýleki taýpalardan aýallara öýlenmek däbine esaslanýar.
Gadymy Şumerde (Günorta Mesopotamiýanyň gadymy ýurdy (häzirki Yragyň günortasy) terjimeçilige degişli sözlükler, grammatika kitaplary, aňlatmalaryň sanawy saklanyp galypdyr. Wawilionda Miladydan öňki XV asyrda ýazmaça sözme-söz terjime ulanylyp başlady. Aleksandriýada b.e.öň. 285-243 nji ýyllarda Bibli (Ewreýleriň we hristianlaryň dini kitaby) grek diline terjime edildi. Gadymy Gresiýada Miladydan öňki 6 njy asyrdan 1-nji asyra çenli ýazmaça terjime bolmandyr. Ilkinji meşhur dilden terjimeçi senator Gaý Asiliýdir. Ol b.e.öň 155-nji ýylda Gresiýanyň ilçihanasy bilen geçirilen ýygnakda Senatda terjime etdi. Ilkinji ýazmaça terjimeçi bolsa Lýusiý Liwiýus Andronikus (miladydan öňki 275-200ýý) bolup, ol Gomeriň Odisseýini grek dilinden latyn diline terjime edipdir. Bu terjime indiki 200 ýyl üçin Rim mekdebiniň okuw meýilnamasyna girizildi. Şeýlelikde edebiýatyň assimilýasiýasy başlady we terjime döwletiň medeniýetini baýlaşdyrmagyň täsirli usuly hökmünde kabul edildi.
Häzirki döwürde dünýä döwletleriniň ýaşaýyş-durmuşyny, medeniýetini bilmek üçin terjime hökmany bolup durýar. Ýokarda belleýşimiz ýaly terjime – bu milletleriň arasyndaky möhüm köprüdir.
Biz – talyp ýaşlar bagtyýar zamanada okap, bilim alýandygymyza diýseň buýsanýarys, begenýäris. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ata Watanymyza, mähriban halkymyza gerekli nesiller bolup ýetişjekdigimize, öz hünärimizi has-da baýlaşdyryp, ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyna özümiziň önjeýli goşandymyzy goşjakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys! Halkymyzyň baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, ýaşlaryň hak howandary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli tutumlary nurana menzillere rowan bolsun!
Yhlas NAZARGYLYJOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.