Türkmen at bilen bagry badaşan halk. Şol sebäpli, türkmende atçylyk bilen baglanyşykly gadymy sözlerem, şaý-seplerem, eýer-esbaplaram, dürli oýunlaram ähli halklaryňkydan köp. Atçylyk sporty hem türkmenlerde at çapyşyklar we at üstünde amala aşyrylýan dürli oýunlar görnüşinde gadymdan bäri kämilleşip gelipdir. Türkmenleriň at üstünde amala aşyrýan dürli oýunlarynyň irki döwürde söweş tilsimleri bolandygyny gadymy ýazuw ýadygärliklerimiz tassyklaýar. «Görogly» şadessanyny alyp görenimizde hem, Görogly duşmana garşy ulanýan dürli göreş tärlerini atyň üstünde ýerine ýetirýär. Belki atçylyk sportunyň görnüşleri şeýdip dörändir?! Dürli atçylyga degişli edebiýatlarda atçylyk sportunyň ýönekeý görnüşleriniň gadym zamanlarda atly nökerleriň söweşden boş wagtlary at çapyşyk ýaryşlary, at üstündäki oýunlary, gadymy grekleriň atly arabaly ýaryşlary, orta asyrlarda atly nökerleriň at üstündäki söweş tälimini beriji gylyçlaşmak, naýzalaşmak, nyşana atmak ýaly ýaryşlary netijesinde dörändigi bellenilýär. Alymlar Orta Aziýa halklarynyň milli at üstündäki oýunlarynyň häzirkizaman atçylyk sportunyň başlangyjydygyny belleýärler. 1900-nji ýyldan başlap bolsa, atçylyk sporty Olimpiýa oýunlarynyň sanawyna girizilýär. Atçylyk sportunyň nusgawy – Olimpiýa görnüşleri bellenilýär. Olara atly gezimiň ýokary mekdebi, päsgelçiliklerden atly bökmek, atly sportuň üç görnüşli ýaryşlary girýär.
Atly gezimiň ýokary mekdebi boýunça ýaryşlar aty dürli hereketlerde oýnatmak boýunça dürli ölçegdäki ýörite meýdançalarda geçirilýär.
Päsgelçiliklerden atly bökmek ýaryşy, ýagny konkur atçylyk sportunyň iň meşhur görnüşidir. Atly sportuň üç görnüşli ýaryşlary bolsa, üç günläp dowam edýän ýaryş bolup, onda birinji günde atly gezimiň ýokary mekdebiniň dürli maşklary ýerine ýetirilýär. Ikinji günde meýdan çapuwy geçirilýär. Üçünji günde dürli päsgelçiliklerden atly bökülýär. Ähli ýaryşlar şol bir atlynyň ýerine ýetirmeginde amala aşyrylýar. At üstündäki oýunlar bolsa, atçylyk sportunyň nusgawy däl-de, atçylyk sportunyň harby görnüşine girýär.
At çapyşyklary atçylyk sportunyň nusgawy sanawyna girmeýär. At çapyşyklary atyň aýagyny barlamak üçin geçirilýän ýaryş hasaplanýar. Ol aýlawlarda ýa-da tekiz meýdanda geçirilýär. At çapyşygynyň çapuw, milli çapuw, päsgelçilikli çapuw we stipl-çeýz görnüşleri bar.
Türkmenistan Watanymyz at çapyşyklaryň, çapuwlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Diňe bir Aşgabatda däl, eýsem ähli welaýat merkezlerimizde hem at çapyşyklaryny geçirmek üçin ajaýyp aýlawlar gurlup, ulanylmaga berildi.
Görşümiz ýaly, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan Türkmenistan Watanymyzda Gahryman Prezidentimiziň tagallalary bilen, alnyp barylýan sport ulgamynyň ösüşleri atçylyk sportundan sowlup geçenok. Türkmenistan Atçylyk sportunyň halkara Federasiýasynyň agzasy bolup durýar. Bu bolsa, watandaşlarymyzyň öz sungatlary bilen dünýä tanalmagyna giň ýol açýar.
Oguljahan BABAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.