Ata Watanymyz diňe ösmek bilen çäklenmän, eýsem dünýäde parahatçylygy ykrar etmäge hem mynasyp goşandyny goşýar. Dana pederlerimiz “Ynsan neberä daýanýar, agaç – damara” diýip, örän jaýdar belläpdirler. Halky durmuş bilen baglanyşdyrýan, onuň taryhyny, dilini, dinini we däp-dessurlaryny sarpalaýan bu atalar sözünden görnüşi ýaly, Bitaraplygymyzyň gelip çykyşyny öz gaýduwsyz neberelerimizden yzarlap gaýtsak, jüpüne düşerdi. Ýeri gelende aýtsak, bu ýoly saýlap almaklyk bilen eziz Diýarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Paýtagtymyz Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebitleýin merkeziniň açylmagy hem-de syýasy, ykdysady, medeni we beýleki meselelere bagyşlanan halkara forumlaryň yzygiderli geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň öňünde Türkmenistanyň abraýynyň has hem ýokarydygyny görkezýär.
Türkmen halkynyň kalbyndan syrylyp çykan dost-doganlyk, wepalylyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna hormat goýmak duýgulary özüniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer däplerini dowam etmek hem-de dabaralandyrmak, parahatçylyga, özara düşünişmäge we dostluga belent sarpa goýýan milletimiziň ebedi ýörelgesidir. Merdana ata-babalarymyzyň öz Watany barada ýüzýyllyklaryň dowamynda arzuwlan milli Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi bagtyýar halkymyzyň parahatçylyk, dostluk ýörelgeleriniň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Asyrlara barabar şeýle ösüşlere türkmen döwletiniň Bitaraplyk ýyllary içinde ýetendigi hem örän buýsançlydyr.
Bäş müň ýyllyk taryhymyza ser salsak, gadymyýetde türkmeniň daýanjy bolan Şükür bagşynyň halk wekili hökmünde agasyny ýesir alan hem obany talap giden eýran hanynyň üstüne at-ýaragly, goşun çekip gitmegiň deregine, ýeke özi eli dutarly barmagy-da, biziň bitaraplyk ýörelgämiziň kökleriniň alyslardan gaýdýandygyny görkezýän nyşandyr. Kyýamat güni goňşudan diýlişi ýaly, türkmen atasyna beren sözüni ýüz kerem haklaýan bolsa, goňşusyna beren sözüni müň kerem haklaýandyr. Biziň ata-babalarymyz geçmişde-de dürli halklar bilen özara ysnyşykly gatnaşyklary iň gowy däpleri hökmünde ýöredipdirler. Bu gatnaşyklaryň geljekde-de türkmen jemgyýetinde mynasyp orun tapjakdygyna uly ynam bildiripdirler. Şol nukdaýnazardan hem, Türkmenistan özüniň Bitaraplyk ýoluny saýlap alandyr.
Bitaraplyk barada söz açylanda, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň onuň ýer togalagynda has giňden tanalmagyna ýardam berýän esasy aýratynlygydygyny bellemek, gör, nähili ýakymly. Bu Bitaraplyk hukuk derejesi türkmenleriň ata-babalaryndan gaýdan parasatlylygyny şöhlelendirýän we häzirki döwrüniň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistanyň hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketlerini sazlaşykly utgaşdyryjydyr. Şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halky üçin çekýän irginsiz zähmeti durýar.
Bizi bagtyýar ýollara alyp barýan we Watanymyzyň dünýädäki abraýyny barha belende galdyrýan halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Oguljahan BABAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.