GADYR GIJESI – NUR GIJESI

       Belent özgertmelere beslenen täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän ajaýyp wakalary halkymyzyň ruhy galkynyşyny artdyrýar. Bu günki gün bedew batly ösüşleriň hözürini görüp ýaşaýan merdana halkymyz ata-babalarymyzdan miras galan gadymy hem gymmatly ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, milli däp-dessurlarymyza uly sarpa goýýar.

       Aýlaryň serweri hasaplanýan bu mukaddes aýyň gelendigini buşlap, şadyýan çagalaryň ýürek buýsançlaryna garyp aýdýan “ýaremezanlary” her bir türkmen ojagyna bagtyň şuglasyny, ruhy galkynyşy eçilýär. Oraza aýynyň mazmunyny we dessurlaryny her bir halkyň müňýyllyklaryň dowamynda baý durmuş tejribesi esasynda kämilleşdirip, nesilden-nesle geçirip gelýän belent ynsanperwer ýörelgelerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, ynanç-ygtykatlaryny emele getirýändigi mälimdir. Bu ugurda biziň halkymyzda gymmatly edebi hem taryhy çeşmeler jemlenipdir. Şeýle edebi nusgalaryň käbirine garap geçeliň.

       Bu ugurda akyldar, filosof, dünýä ylmyndan düýpli baş çykaran Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” poemasynyň “Roza tutmaklygyň pazylatynyň beýany” bölüminde roza tutmaklygyň ynsan ruhuna edýän täsiri, ruhy päkizelik, ybadatyň peýdasy hakynda şeýle diýýär:

       -Roza tutmak birle päk bolgaý kişi

       Hem günäden arylar içi-daşy.

       Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Bu roza” goşgusyndaky setirlere nazar salsaň:

       -Adam ogly, gapyl olma, tutawer,

       Toba eýläp, ýaman ýoldan gaýdawer.

       Tä ölinçäň hak gullugyn edewer,

       Tutanlarga köp rahatdyr bu roza.

       Oraza tutmagyň peýdasy çäksizdir. Oraza tutmak ynsana ybadaty berjaý etmegi, şepagatly bolmagy ündeýär. Oraza päklige, tämizlige çagyryşdyr.

       Oraza aýynyň iň mübärek gijesi Gadyr gijesidir. Şonuň üçin oňa gijeleriň soltany diýilýär. Bu gije Oraza aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gije bolýar. Gadyr gijesinde türkmen halkymyz öz ojaklarynda nahar taýýarlap, goňşokara däbini ýöredip, birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, maşgala agzybirligi, rysgal-döwletliligi, ýurt abadançylygyny dileg edilýär. “Her gijäni Gadyr bil, her geleni Hydyr” diýlen halk aýtgysynda hem ýagşy işlere we ýagşy adamlara bolan garaýyşlarydyr umytly ynançlary bütin ömrüňe kalbyňda saklamak ündelýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan “Ömrümiň manysy’’ atly kitabynda: “Muhammet aleýhyssalam Remezan aýy bilen baglanyşykly şeýle diýipdir: “Her kim Remezan aýynda bir gije ybadat etse, gündiz ýalançylykdan, gybatdan, töhmetden özüni saklasa, Haktagalla ol bendä müň aý ybadat edeniň sogabyndan hem köpräk sogap berer” diýip, asmandan inýän perişdeleriň sanynyň juda kän bolup, olaryň ynsanlara Allatagalanyň rehmetini dökýändiklerini belleýär.

       Gadyr gijesi mynasybetli däp bolan günä geçişlik çäresi hem Türkmenistanda Remezan aýynyň gymmatyny artdyrýan, oňa belent ynam-umydy berkidýän, ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň we rehimdarlygyň nusgasyna öwrülen asylly däp-dessurlaryň biridir.

       Bu aý ýagşylyklaryň aýy. Mukaddes Remezan aýynda tutýan orazalaryňyz, il-ýurt abadançylygynyň, her bir maşgalanyň öý-ojagynyň bagtyýarlygynyň, döwletiň kuwwatlylygynyň hatyrasyna etjek ýagşy doga-dilegleriňiz Beýik Taňrynyň müň bir sogaply dergähinde kabul bolsun!

       Bizi şeýle ajaýyp döwürde ýaşadýan, milli däp-dessurlarymyzy öwrenmäge giň ýol açýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher

merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY