SAGDYNLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ ÝURDUNDA

      Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni parahatçylygyň we dostlugyň, sportuň hem-de adamzadyň sagdyn ýaşaýşynyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýär. Ynsanperwerligiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we sportuň ajaýyp däplerini özüne siňdiren bu halkara baýramynyň şanyna ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň köňüllere şatlyk paýlaýan nowjuwan bahar pasly bilen sazlaşyp, Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere, gazanylýan uly üstünliklere bolan guwanjymyzy we buýsanjymyzy arşa galdyrýar.

      Her bir raýatynyň, jemgyýetimiziň hem-de tutuş halkymyzyň medeni-ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň esasy özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha giň gerime eýe bolýan köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketleri jemgyýetimizde möhüm ähmiýetli ugra, bagtyýar zamanamyzyň esasy maksatlarynyň birine öwrüldi.

      Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň saglygynyň berkidilmegine hem-de abadançylygynyň üpjün edilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet bermek bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini, sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzda sporta we bedenterbiýe degişli geçirilýän oňyn işleriň netijesinde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda futbol oýunlary boýunça geçirilýän ýaryşlar uly meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň netijesinde döwletimiz sportuň wagyz edilýän, dürli sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşy, nesillerimiziň beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Eşretli geljegimizi nazarlaýan beýik maksatlardan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, «Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen şygaryna hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir» diýen ynsanperwer taglymatyna laýyklykda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

      Halkymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň parahatlygy ugrunda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, sagdynlygy we ruhubelentligi berkarar etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Manzura BERDIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň kätibi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY