Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň syýasy partiýalaryň, Jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sagdyn durmuş – baş ýörelgämiz» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ady agzalan edaralarda, guramalarda zähmet çekýän hünärmenler gataşdylar.
Maslahatyň dowamynda çuň many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýandygy barada belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Didar GELDIÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.