Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamy uly ösüşlere eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly dost-doganlygy berkitmek, hoşniýetli halkara gatnaşyklaryny täze tapgyrlara çykarmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler, türgenlerimiziň gazanýan halkara üstünlikleri sanardan juda köp. Bu sözleriň aýdyň subutnamasy hökmünde Ýer ýüzüniň iri sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaş türkmen türgenleriniň ençemesiniň gazanan üstünliklerini agzamak bolar. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, häzir dünýäde sport – halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi, ussatlygy bilen Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanýar. Hut şoňa göräde halkara derejeli ökde türkmen türgenlerini, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak «Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Çünki ýurdumyzda ynsan saglygy adamzadyň iň uly baýlygy hasaplanylýar.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris.» diýip, sportuň ynsan saglygyndaky ornuny aýdyň beýan edýär.
Biz hem şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup ýaşlaryň arasynda birnäçe sport çärelerini, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri yzygiderli geçirip durýarys.
Halkymyzyň saglygyny goramak, köpçülikleýin bedenterbiýäni hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Nurmuhammet DÖWLETOW,
TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.