ŞADYÝANLYK SUNGATY

    Ýüregiň şadyýanlygy, durnuklylygy we rahatlygy iň uly nygmatlaryň biridir. Ýürek şadyýanka zehiniň ýiti, döredijiligiň hasylly, janyň joşgunlydyr. Aýtmaklaryna görä, şatlyk-begenç hökman öwrenilmeli we öwrenip bolýan sungatlaryň, ylymlaryň biridir. Ony nähili gazanmalydygyny, hasyl edip bolýandygyny bilýän adam durmuşyň ajaýyplyklaryndan we ýaşaýyş ýollaryndan özüne geregini gazanar. Çar ýany nygmat bilen gurşalar we öz ömründen minnetdar bolar. Munuň üçin nämeler etmeli? Şadyýanlyga ýetmek üçin çydamlylyk kuwwaty we her hili ýagdaýlardan baş alyp çykmaklyk gerek. Durmuş harasatlarynyň öňünde çaýkanmaly däl, hadysalaryň öňünde sarsmaly däl, biderek zatlara janyňy ýakmaly däldir. Ýüregiň güýç-gaýratyna we päkizeligine görä janyň röwşenlik we rahatlyk tapar.

    Durnuksyz häsiýet, kynçylyklara garşy gowşak hereket etmek, bisabyr jan alada-ünjüleriň, gaýgy-gamlaryň, derdi-yzalaryň eýerläp münen ulagydyr. Kim kynçylyklara garşy durmaga we sabyr etmäge endik etse, päsgelçilikleri ýeňmek oňa aňsat bolar. Arap şahyrlarynyň birinde: «Ýigit diňe arzuwlarda ýüzmegi endik etse, Onuň ýörejek ýeri diňe batgalyk bolar» diýen setirler bar. Diňe arzuw bilen çäklenmän, gaýrata galyp, zähmete daýanmalydyr. Şadyýanlyk sungatyny öwrenmegiň ýene bir ýeser ýoly bar ýaşaýşa mynasyp baha bermek, ony öz mertebesinde görmek Ýaşaýyş bu bir gyzyklanma, oýun-güýmenjedir. Ýeri onsoň şeýle häsiýetli durmuş üçin ne üçin gama batýarsyň? Geçip giden her bir güni, maddy zatlary üçin hasrat çekýärsiň? Hadysda aýdylyşyna görä: «Ylym öwrenmek bilen gazanylýar çydamlylyk – tejribe bilen». Edep-terbiýe sungatyna görä, şadyýanlygy öz häsiýetiňe öwrüp bolýar. Munuň üçin elmydama ýagşylyk etmeli özgeleriň ýüzüne gülüp bakmaly, pursatlary peýdalanyp bilmeli (sebäpleri tutmagy başarmaly), hemişe gowulyga tarap ädim ätmeli Dünýä durmuşy göz-gaşymyzy çytyp, zeýrenip, ýazgaryp, kimdir birinden nägile bolup ýörenimize degýän däldir.

 

Terjime eden: Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR