RÖWŞEN MENZILLERE ŞAMÇYRAG

      Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sapaklary guramakda innowasion tehnologiýalardan we okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ýaşlaryň alýan bilimlerini çuňňur özleşdirmegine uly ýardam berýar.

      Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuw sapaklaryny dürli işjeň çäreler arkaly alyp barmak işlerine uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň alyp barýan işleriniň mysalynda anyk göz ýetirip bolýar. Ýakynda etrabyň 14-nji orta mekdebinde «Ylym-bilim — bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegi» ady bilen okuw derslerinden guralan açyk sapaklar munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu taryhy we şatlykly günlerinde guralan açyk sapaklara etrabyň beýleki mekdeplerinden mugallymlar, bilim bölüminden hünärmenler gatnaşdy. Bu bolsa, bilim işgärlerine mekdep durmuşy, okuwçy ýaşlaryň alýan döwrebap bilimi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berip, ýurdumyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän taýsyz tagallalarynyň özboluşly şöhlelenmesine öwrüldi.

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA