TÜRKMEN ÝAŞLARYNA EDEPLILIK MAHSUSDYR

      Ýakynda şeýle at bilen Bäherden etrabynyň Akdepe obasynda ýerleşýän 31-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň, etrap prokuraturasynyň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda, okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

      Ýaşlaryň bilimli-ylymly, ählitaraplaýyn ösen, beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek, milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, şeýle-de zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşykda çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda halkymyzyň döreden baý ruhy-ahlak gymmatlyklary, asylly ýol-ýörelgeleri, edep-terbiýe kadalary dogrusynda aýdylanlar gatnaşyjylarda uly täsir döretdi.

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan duşuşygyň dowamynda ýaşlara gymmatly öwüt-ündewler aýdylyp, ýaş nesil hakdaky aladany döwlet syýasatynda ileri derejede ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

 

Bezirgen BAÝRAMOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Mart 2025 | 10 okalan

SAGDYN MAŞGALA — SAGDYN NESIL

04 Mart 2025 | 13 okalan

EÝJEJIK GYZLAR BÄSLEŞDI