Ýakynda şeýle at bilen Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ahal welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň guramagynda duşuşyk geçirilip, oňa Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, kitaphana işgärleridir okyjylary gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar, ilki bilen, welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan ýörite kitap sergisi bilen tanyşdylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplaryna orun berlip, kitaphana işgärleri şol eserler barada duşuşyga gatnaşyjylara täsirli gürrüň berdiler.
Kitaphananyň okalga zalynda dowam eden duşuşykda Änew şäheriniň 2024-nji «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli ýerlerinde giňden ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ähmiýeti barada durlup geçildi. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň häzirki şatlykly günlerde halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyndan ugur alyp, Änew medeniýeti, bu gadymy mekanyň taryhy we şu güni hakda täsirli gürrüň etdiler.
Duşuşyga gatnaşanlar Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa götermek, ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.