Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan ata Watanymyzda ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär.
Bedenterbiýäniň we sportuň hak howandary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýurdymyzyň sport ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Munuň şeýledigine Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurulyp ulanylmaga berilýän dürli sport desgalarynyň, sagaldyş we dikeldiş merkezleriniň üsti bilen hem görmek bolýar. Dost-doganlygyň mekany bolan Türkmenistan döwletimiz iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ezber türkmen türgenleri dünýä derejesinde geçirilýän sportuň dürli ugurlary boýunça geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp ata Watanymyzyň baýdagyny belende galdyrýarlar. Sportuň dünýäde giňden ýaýran görnüşleriniň biri hem woleýbol oýnudyr.
Woleýbol oýny ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda döräpdir. Geliok şäheriniň bedenterbiýe kollejiniň mugallymy Wilýam Morgan öz işleýän ýerinde top bilen oýnalýan ýönekeýje bir oýny döretmegi maksat edinipdir. Ol öz iş ýerinde kollejiň ykdysady tarapyny hem nazarda tutup, çykdaýjysy azrak, köp serişde sarp etmezden geçirip boljak top bilen oýnap bolaýjak oýun barada köp pikirlenipdir. Käbir maglumatlarda Amerikanyň ýangyn söndüriji işgärleri 2 sütüniň arasyna ýüp çekip, rezinden ýasalan içgini tarapma-tarap biri-birine oklaşyp oýnapdyrlar hem diýilýär. Ýene bir maglumata görä-de, Wilýam Morgan oýny ýaş telekeçiler üçin tennis toruny 197 sm ýokardan asyp, her tarapda oýunçylaryň sanyny çäksiz edip döredipdir diýip hem aýdylýar. Ilki başda bu oýnuň adyna «mintonet» diýip at berlipdir. 1896-njy ýylda bolsa, «mintonet» oýny Springfilt şäherinde tomaşaçylara görkezilip başlanýar. Oýnuň esasy maksady topy el bilen urup, toruň üstünden geçirmek bolandygy üçin professor Alfred T.Halsted bu oýnuň adyny üýtgedip, «wolleýbol» ýagny, iňlisçeden terjime edilende «uçýan top» diýen ady goýupdyr. Wagtyň geçmegi bilen Alfred T.Halsted woleýbol oýnamagyň düzgünlerini düzüp ony kämilleşdirip başlapdyr.
Wilýam Morgan woleýbol ýaryşyny geçirmegiň düzgünlerini kesgitläninden soňra, 1896-njy ýylda tomaşaçylaryň öňünde iki topar bolup bu oýny oýnap görkezipdirler. Ilkinji gezek Springfilt şäherinde geçirilen bu ýaryş tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekipdir, munuň özi bolsa Morgana örän ýakymly täsir edipdir. Soňra ol özüni gyzyklandyrýan bu oýnuň düzgünini anyk kesgitlemegi ýola goýupdyr. Woleýbolyň ilkinji düzgüni 1897-nji ýylda Wilýam Morgan tarapyndan girizilipdir.
Ýörite woleýbol üçin niýetlenilen ilkinji top 1896-nji ýylda Spalding tarapyndan ýa-da 1900-nji ýylda döredildi diýip çaklanylýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary 1992-nji ýylda XII Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna woleýbol oýnuny hem goşmaly diýen teklip bilen çykyş edipdir. Bu teklipden soň woleýbol oýny dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly giňden ýaýrap başlapdyr hem-de meşhurlygy artyp ugrapdyr. Şeýlelik-de, Ýewropa ýurtlarynda woleýbol oýny boýunça birinjiligi almak ugrundaky duşuşyklar, ýaryşlar hem çekeleşikli ýagdaýda geçirilipdir. Woleýbol oýunçysy bir oýnuň dowamynda ortaça 300 gezek bökýär. Şeýle-de, sportuň bu görnüşi meşhurlykda futboldan soňra ikinji orunda durýar, maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäde bir milliarda golaý adam woleýbol bilen meşgullanýar.
Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.