Ýakynda Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda sportuň küşt görnüşi Arkadag şäheriniň birinjiligini almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan ýaryşy Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi bilelikde guradylar. Ýaryşyň esasy maksady ýurdumyzda işjeň hereket edýän «2021 – 2025-nji ýyllarda Bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň» maksatnamasyny durmuşa geçirmekden, sportuň küşt görnüşini ösdürmekden, oňa ýaşlary işjeň çekmekden, şeýle hem ýaşlaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmekden ybarat boldy.
Çekeleşikli geçen oýunlarda ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Beýzaly ATAÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.