Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynyň öňünde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda beden maşklary ýerine ýetirildi. Ir säher bilen guralan bu sport çäresi ütindünýä saglyk gününe bagyşlandy.
Ekologiýa taýdan arassa, Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe häzirki günlerde Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlary ýokary derejede taýýarlykly gatnaşýarlar.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäherinde saglyk maksatly desgalaryň birnäçesi, şol sanda Arkadag şäheriniň 10 000 orunlyk stadiony, Köpugurly sport toplumy hem-de sport merkezi gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Munuň özi raýatlaryň hem beden taýdan, hem ruhy taýdan sagdyn bolmagynda döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň aýdyň miweleridir.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunymyzy aýdýarys!
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.