SAGDYNLYGYŇ ŞÄHERINDE SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERI

      Düýn Arkadag şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Oňa Arkadag şäherinde hereket edýän orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar.

      Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň sport meýdançasynda geçirilen bu ýaryşy Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi bilelikde guradylar.

      Ýaryşyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmakdan, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekden, Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylaryny sportuň kiçi futbol görnüşine bolan höwesini artdyrmakdan, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden, şeýle hem ýaş nesliň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmekden we ösdürmekden ybarat boldy.

      FIFA-nyň soňky tassyklan düzgünleri boýunça geçirilen bu ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY