Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda, bilim edaralarynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasa eýlenen ajaýyp eseri – «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyryş dabaralary, hormatly Prezidentimiziň ýiti zehinden syzylyp çykan bu eseriň gymmaty we ähmiýeti dogrusynda wagyz-nesihat çäreleridir maslahat duşuşyklary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar yzygiderli guralýar. Şeýle çäreleriň biri-de, şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň ýaş wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu söhbetdeşligiň barşynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda watandaşlarymyz üçin ajaýyp sowgat bolan hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eseriniň, adamzat taryhynda möhüm orun alan Änew şäheriniň taryhy ähmiýeti, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserinde belleýşi ýaly, «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýen jümlesiniň aýdyň subutnamasy boldy.
Täsirli geçen söhbetdeşligiň barşynda oňa gatnaşanlaryň her biri, taryhymyzy öwrenmekde, dikeltmekde we dünýä ýüzüne tanatmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.