DÖWREBAP ÖZGERTMELER HALK BÄHBIDI ÜÇINDIR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet derejesinde alnyp barylýan beýik işler buýsanjyňa buýsanç goşýar. Gözel Diýarymyzda ýeňişlerimiziň hem-de uly üstünliklerimiziň, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň gözbaşynda gije-gündiz öz halkynyň bagtyýar geljeginiň aladasyny edýän döwlet Baştutanymyz dur. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr!, «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň Galkynyşly döwrümizde döwrebap many-mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär.

     Bu bolsa ýurdumyzda her bir raýatlarynyň döwletiň we jemgyýetiň bähbidine öňe sürülýän başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine aýdyň mysaldyr. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda mynasyp dowam etdirilýän syýasatyň esasy ugry hökmünde döwletimizde ýaşlar syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Bu günki günde ýaşlaryň täze bilimleri ele almaklary, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, döredijilikli işlemekleri, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli tagallalar durmuşa ornaşdyrylýar.

     Döwletimiziň her bir raýatynyň bagtyýar geljegi ugrunda ýurdumyzda demokratik özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi.

     Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy. Şeýle-de maslahatda deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunуnа üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Bu bolsa ýurdumyzda hereket edýän diplomatik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

     Bu günki gün halkymyzy baky bagtyýarlygyň saýasynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-gün bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslesin!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY