Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçinem, bu ugurda durmuşa geçirilýän işler ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek, şeýle hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, milli sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Güneşli Diýarymyzda köpçülikleýin sporty ösdürmekde ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçin hem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlary ýaş nesillerimizi üstünliklere ruhlandyrýar. Bedenterbiýäni we sporty hemişelik hemra edinip, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek üçin ýurdumyzyň islendik künjeginde zerur bolan ähli şertdir mümkinçilikler bar. Döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sportuň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, sport meýdançalary bagtyýar raýatlarymyzyň hyzmatynda.
Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaşaýşyň kadasyna öwürýän, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň sany barha artýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ilkinji gadamlarynyň ruhubelentlikden we sportdan başlanýandygy hemmä mälimdir. Ony ýaşaýyş-durmuş endigine öwren halkymyz bu babatdaky mizemez ýörelgelerini, biziň günlerimize gelip ýeten däplerini ösdüripdir, baýlaşdyrypdyr. Bu günki günde ýaşlarymyz welosiped sürmek, ylgamak, futbol, woleýbol, basketbol we beýleki dürli oýunlary oýnamak bilen meşgullanýarlar. Munuň özi, olaryň beden taýdan sagdyn bolmaklaryna, işjeň hereket etmeklerine ýardam edýär. Kämil türgenleri taýýarlamak, olarda maksadaokgunlylyk, işjeňlik, erjellik we ýeňşe bolan ynamlylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek meselelerine uly üns berilýär.
Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin sport hereketi ähli ýaşdaky we dürli kärdäki raýatlary öz içine alýar. Asylly däbe görä, her ýyl talyplaryň arasynda geçirilýän Uniwersiadalaryň hem-de dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmagynda guralýan Spartakiadalaryň “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” diýen şygarynda bu hereketiň esasy maksady şöhlelenýär.
Halkymyzyň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyşlarymyz egsilmezdir.
Kemal SABIROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.