SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINE EÝERILÝÄR

     Düýn ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurnaldy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen bu çäräni guramak indi birnäçe ýyl bäri asylly däbe öwrüldi. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen welosipedli ýörişe şäheriň çäginde bina edilen edara-kärhanalaryň ýolbaşçy düzümleri bilen bir hatarda bagtyýar hünärmen ýaşlary orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarydyr talyplary ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

     Ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi bolan welosiped sürmäge höwesli ýaşlaryň sanynyň artýanlygy bolsa, ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň we degişli resminamalaryň esasynda ilatyň, aýratyn-da ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändigini aýdyň görkezýär. Munuň üçin ýaşlaryň her biriniň kalbynda lukman, alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar çäksizdir.

 

Mekan AMANLYÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY