DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLER WAGYZ EDILÝÄR

      Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we «Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň Döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylygynda geçirilýän bu işler häzirki wagtda guramanyň ýerlerdäki Geňeşleri tarapyndan ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäheriniň çäginde ýerleşýän dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän, orta, orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan bagtyýar ýaşlaryň arasynda hem giň gerimde alnyp barylýar.

      Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda geçýän wagyz-nesihat çäreleri täsirliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Çykyş edýänler oňa gatnaşyjylara ýokarda beýan edilen kanunçylyk namalary esasynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, gelip çykýan wezipeler, olary berjaý etmegiň tertibi dogrusynda giňden gürrüň berýärler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY