Şeýle şygar bilen Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.
Ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň üsti bilen olaryň watançylyk duýgularyny ösdürmek, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen bu maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň ýaşlary watansöýüjilik, millik ruhunda terbiýelemekde, her bir işe yhlasly çemeleşýän ogul-gyzlary ýetişdirmekde, halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde, ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyna çuňňur düşünmekde uly ähmiýete eýedigi dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem kämil eserleri bilen halkymyzy begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamlarynyň ýiti bolmagyny, eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.