ÄNEWDÄKI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ RUHUBELENTLIGE BESLENDI

     Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýat derejesindäki dabaralar Änew şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýörişden başlanyp, oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat, etrap Geňeşleriniň işgärleridir işjeň agzalar hem uly ruhubelentlikde goşuldylar. Olar paýtagtymyzyň halkalaýyn aýlaw ýolunyň Änew şäheriniň çäginden geçýän böleginiň ugrundaky ýörite bellenilen ýerden welosipedli welaýatyň merkezine tarap ýola düşdiler.

     Ýol çatrygyndaky aýlawda gurlan «Saglyk» binasy welosipedli ýörişe gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi. Welosipedliler bu ajaýyp binadan öwrüm edip, Änew şäheriniň içki ýollary bilen ýörişi uly ruhubelentlikde dowam etdiler. Ýol ugurda gurnalan aýdym-sazly tomaşalar, sport görkezme çykyşlary olaryň göwünlerine ganat berdi.

     Welosipedli ýörişe gatnaşanlar welaýatyň merkezindäki medeniýet öýüniň gabadynda — ýolugurdaky pellehanada şowhun bilen garşylandy. Soňra ýaşlar şäherdäki sport mekdepde guralan ýaryşlara işjeň gatnaşyp, sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şanly sene mynasybetli geçirilen sport-sagaldyş çärelerinde tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

 

Mesgengylyç NURGYLYJOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA