ÝAŞLARA MASLAHAT

INTERNEDI NÄHILI ULANMALY?

     Dünýäde elektron aragatnaşygynyň ösmegi bilen aragatnaşyk serişdelerini anyk maksatlar esasynda ulanmagyň zerurlygyny ýüze çykardy. Bu bolsa, ilkinji nobatda ulanyjynyň howpsuzlygy üçin iňňän möhümdir. Eýsem, elektron poçtada aragatnaşyk etmegiň medeniýetiniň esasy düzgünlerine haýsylar girýärkä? Ýönekeý, emma möhüm bolan haýsy düzgünlere aýratyn ähmiýet bermeli? Bu soraglara elbetde, anyk jogaplary gözlemäge çalşarys.

     Internede gireniňizde hökmany suratda şu düzgünleri berjaý etmeli. Ilki bilen, internetde özüňi goramaly. Munuň üçin bolsa, kim bilen gürleşýäniňizi pikirlenmeli. Has takygy, internetde ynamdar adamlaryňyzdan başgalaryna öz şahsy maglumatlaryňyzy beýan etmekden gaça durmalydyr. Hemişe maglumaty kime iberýändigiňize we şol maglumatyň nirede ulanyljakdygyna göz ýetirmegi ýadyňyzdan çykarmaň. Nätanyş web-sahypalara girmekden saklanmaly.

     Internedi ulananyňyzda, beýleki ulanyjylara zyýan ýetirmezlige çalyşmaly. Söz sözleşilende we hat ýazyşylanda, estetiki talaplardan, şeýle-de, edep-terbiýäni, ahlak ýörelgelerini özünde jemleýän milli häsiýetlerimizden ugur almaly.

     Hukuk jähtden alanymyzda, dost-ýarlaryňyzyň atlaryny, suratlaryny we beýleki şahsy maglumatlaryny olaryň hem-de ene-atalarynyň razylygyny almazdan, internete goýmaly däl. Eger siz maglumaty internete çykaran bolsaňyz, onda ony gözegçilikden ýitirjekdigiňizi we ähli nusgalaryny ýok edip bilmejekdigiňizi unutmaň. Rugsat talap edýän şahsy we beýleki maglumatlary rugsatsyz ulanan ýagdaýyňyzda, jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinjekdigiňizi aýratyn ýatdan çykarmaly däl.

     Elektron poçta aragatnaşygy häziriki döwürde ýaşlaryň arasynda giň ulanylýan internet serişdesine öwrüldi. Dürli e-mail poçtalar hem-de köp sanly internet poçta serwisleri ýaşlar üçin gyzykly güýmenjä öwrüldi. Şeýle serişdeleri ulanmakda aragatnaşyk poçta serişdelerini ulanmagyň kadalaryna berk eýermelidiris.

     Ilki bilen, beýleki ulanyjylara ugradýan maglumatlaryňyzyň tekstlerini sowatly ýazmaly. Gaharly wagtyňyz, ýazan her bir hatyňyzy ugratmaly däl we ony rahatlanan wagtyňyz okap görmeli. Nätanyş adamlardan gelen hatlary okamazlygyňyzy we okan ýagdaýyňyzda-da seresaply bolmagyňyzy maslahat berýäris. Elektron poçtadan gizlin, şahsy maglumatlaryňyzy we açar sözleriňizi (parollaryňyzy) ibermeli däl. Size zyýan getirjek we siziň garşyňyza ulanyljak maglumatlary elektron poçta bilen ugratmaly däl. Bildirilýän talaplaryň her biri siziň abadan geljegiňiziň ýolunda howpsuzlygyňyz üçin möhüm orunda durýar.

 

Gözel KUŞMEKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

ENE SÖZI – KERAMAT

Indiki makala

NESIL TERBIÝESI

Meňzeş habarlar

29 Iýun 2024 | 85 okalan

BUÝSANÇNAMA

29 Iýun 2024 | 96 okalan

ÝAŞLAR SYÝASATY ROWAÇLANÝAR