Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, olaryň innowasion tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy, hünärleri ele almagy üçin ähli amatly şertler döredilýär.
Ata-babalarymyz döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip, öz nesillerini adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan watansöýüjilik, asyllylyk medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetler bilen terbiýeläpdir. Şeýle ajaýyp ýörelgeler bu gün täze döwrüň ruhunda barha kämilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, islendik terbiýeçilik işiniň gönezliginde Watan millilik hakyndaky gymmatly düşünje bar. Şahsyýetiň aňynda milli ruhuň gymmatlyklary, ýörelgeleri kemala gelip goýazlaşan halatynda onuň öz halkynyň hakyky perzendi bolup ýetişjekdigi gümansyzdyr. Ata Watanymyzyň, göbek ganyň daman topragyňa ata-babalarymyzyň ene-mamalarymyzyň nesillere galdyryp giden maddy we ruhy gymmatlyklaryna, medeni mirasymyza bolan söýgi guwanç, buýsanç hem mähir duýgulary öz-özünden döremeýär. Bu mukaddes söýginiň guwanç hem buýsanç duýgularynyň köki-damary maşgala terbiýesinden hem görüm-göreldesinden, milli ýörelgelerden gözbaş alýar.
Ýaşlar hakyndaky aladalary döwlet syýasaty derejesine çykaran hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýär. Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaşlar öňküden-de yhlasly okap, işläp, öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň ösüş-özgertmelerine goşant goşmakda öň hatarda bolmaga çalyşýarlar.
Goý, türkmen halkynyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, milli ruhumyza kybap edep-terbiýeli bolmagy ugrunda uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.