Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän şertleri we mümkinçilikleri esasynda milli mirasymyz, geçmiş taryhymyz doly we dogry öwrenilýär.
Keremli topragymyzda geçmişiň syrlaryny özünde saklaýan ençeme taryhy ýadygärliklerimiz bar. Beýik pederlerimiziň şöhratly geçmişinden habar berýän şol taryhy ýadygärlikleriň ençemesi Gündogar bilen Günbatary birikdirýän gadymy söwda ýolunyň ýagny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşap geçen merdana halkymyzyň şol döwürlerdäki ýaşaýyşyna kepil geçýän taryhy ýadygärliklerimiziň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda görnükli orun eýeleýär. Türkmenistanyň çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň Merw-Ürgenç, Merw-Amul, Merw-Sarahs, Sarahs-Abiwerd, Nusaý-Dehistan ýaly şahalary geçipdir. Şol şahalaryň ugrunda ýerleşen şäherler, köşgi-eýwanlar, metjitler, kerwensaraýlar, kitaphanalar, aramgähler ýer ýüzüniň meşhur syýahatçylaryny, täjirlerini, alymlaryny haýrana goýupdyr.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan halkymyzyň iňňän baý taryhy-medeni mirasyny toplumlaýyn öwrenmeklik we tutuş dünýäde giňden wagyz etmeklik ileri tutulýan işleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerini adamzadyň medeni gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi hökmünde olary goramagyň möhümdigini belleýär.
Biziň etrabymyzda arheologik tapyndylara baý bolan taryhy ýerler hem-de Magtymguly Pyragy muzeýi ýerleşýär. Bu muzeý welaýatymyzda we etrabymyzda ýerleşýän taryhy ojaklar baradaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Biz hem hormatly Prezidentimiziň taryhymyzy öwrenmek baradaky sargytlaryndan ugur alyp, ýaşlaryň arasynda eziz Diýarymyzyň taryhyny öwrenmek, ýadygärliklerimizi aýawly saklamak barada wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Etrabymyzyň ýaşlary bilen taryhy ojaklarymyza, Magtymguly Pyragy muzeýine gyzykly gezelençleri guraýarys, wagyz-nesihat duşuşyklarynda we gezelençlerde taryhymyzy beýan edýän gyzykly maglumatlar ýaşlarda uly täsir galdyrýar hem-de halkymyzyň geçmişine bolan söýgüni artdyrýar. Türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny goramakda, öwrenmekde, geljekki nesillere ýetirmekde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Bägül SÄDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.