ÖZGE ÝURDUŇ BAÝLYGYNA MEŇZEMEZ — GADYMYÝETDEN GALAN MIRASYM MENIŇ

     Ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli däp-dessurlarymyz halkymyzyň beýik buýsanjydyr. Berkarar Watanymyzda türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagynyň hünärinden döreýän el işlerimiziň sarpasy tutuş dünýä ýüzünde belent gymmata eýe bolýar. Çeper elli türkmen zenanlarynyň her biriniň sünnäli gollaryndan döreýän el işleri halkymyzyň döredijilik ruhuny, ýaşaýşyň sazlaşygyny, ynsan kalbynyň joşgunyny, şatlygyny özünde jemleýär. Bu işlerde zenanlaryň ynamyna, yhlasyna, güýjüne, arzuwlaryna badalga berilýän ajaýyp başlangyçlar we olaryň şirin miweleri görünýär. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden dörän dürli nagyşlar, alajalar, halydyr palas önümlerimiz, keçelerimiz, kilimlerimiz diňe bir el işi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bularyň hersi aýratyn bir sungat derejesine göterilýär.

     Häzirki günlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gadymdan gözbaş alyp gaýdýan we biziň günlerimizde dowam edýän üme däp-dessurymyzy has-da baýlaşdyrmakda, ony ösüp gelýän ýaş nesillerimize öwretmekde ägirt uly işler alnyp barylýar we bular babatynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli öwüşginli çäreler geçirilýär. Biz hem etrabymyzyň bagtyýar ýaşlary bilen bilelikde şeýle çäreleriň birini ýaňy-ýakynda Saýat etrabynyň «Çarbagdepe» geňeşliginde geçirdik. Onda çeper elli gelin-gyzlarymyz ümä üýşüp baharyň gözelliginden, tebigatyň owadanlygyndan ylham alyp el işlerini ýerine ýetirmek boýunça öz ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. Zenanlarymyz özleriniň ýürek buýsanjyny, ata Watana, ene topraga, gözel tebigata bolan söýgüsini el işleriniň üsti bilen beýan etdiler. Medeniýet we sungat işgärleriniň milli däp-dessurlarymyzy, el işlerimizi wasp edip ýerine ýetiren täsirli çykyşlary, aýdymdyr sazlary bolsa ümä üýşen gelin-gyzlarymyza ruhy lezzet paýlady. El işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýän ezber elli gelin-gyzlarmyz döreden eserleriniň aýratynlygy, gelip çykyşy, olar dogrusyndaky gyzykly rowaýatlary gürrüň berdiler. Ene-mamalarymyzdan bize miras bolup gelýän üme däbimizi, el işlerimizi ýaş nesillere öwretmekde, dünýäde şöhratlandyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Ogulnäz NEPESOWA,

TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY