«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»ýylynyň taryhy wakalarynyň biri hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyň elimize gelip gowuşmagydyr. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu kitabynyň üç dilde ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilmegi, her bir okyjy üçin türkmen halkynyň geçmiş taryhyna, baý medeniýetine, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda amala aşyran işlerine nazar salmakda gymmatly çeşme bolup durýar. Bilşimiz ýaly, dünýä medeniýetiniň altyn ojagy bolan türkmen topragynda gadymy ýadygärlikler, medeni merkezler döredilipdir. Bu ugurda bolsa Änew medeniýeti has-da rowaçlanyp, dünýä medeniýetiniň ösmegine özüniň oňyn täsirini ýetirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärliklerini ulgamlaýyn toplamak, düýpli öwrenmek, wagyz etmek babatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň aýdyň görkezijisidir.
Goý hormatly Prezidentimiziň şeýle kitaplarynyň höwri köp bolsun! Okap bilim almakda, döretmekde biz ýaşlara giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Ybraýym HOJABERDIÝEW,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň
Sanly ulgam boýunça hünärmeni.