Alma
Onuň miwesi dermanlyk üçin ulanylýar. Almanyň miwesi mineral maddalara, demire, kaliýe, kalsiýe, magniýe, karotine, ýeňil siňýän gantlara, fruktoza, glýukoza, organiki kislotalara we başga-da ýakymly maddalara baýdyr. Şonuň üçin, alma miwesinden taýýarlanylan içgiler ýogyniçegäniň, ýürek-damar ulgamynyň, aşgazanyň, bagyr we öt ýollarynyň kesellerini bejermek üçin peýdalanylýar. Şeýle hem, almanyň suwy gan köpeldiji serişde hökmünde ulanylýar.
Armyt
Onuň himiki düzümi alma meňzeşdir. Şonuň üçin, armyt miwesi hem aşgazan, içege, bagyr hem-de öt ýollarynyň kesellemesinden ejir çekýänler üçin peýdalydyr. Mundan başga-da, armytda mikroblary ýok edýän arbutin antibiotigi bardyr. Şeýle-de, armyt içgisi suwsuzlygyňy oňat gandyrýar we işdäňi açyjy serişde hökmünde ulanylýar.
Erik
Onuň miwesinde 27 göterim gant, alma, limon, çakyr kislotalary, pemtin, krahmal, mineral duzlar, dubil maddasy, witamin С, PP, prowitamin A, B1, B2, B15, kaliý we demir, şäniginde bolsa 28 göterime golaý belok we 50 göterime golaý ýag bardyr. Erik ýagy käbir dermanlary erediji serişde görnüşinde ulanylýar. Derman hökmünde bolsa, myşsa we deri kesellerini bejermek üçin ulanylýar. Şeýle hem, ol azganly, infarkt, miokard keselli adamlara emdir.
Gülşirin GAÝYPOWA,
Taýýarlan: TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.