Badamjan
Onuň suwy agyryny peseldiji serişde hökmünde kellagyry we ögeme bilen ýüze çykýan nerw kesellerini bejermek üçin ulanylýar. Şeýle hem, sowuklan adamlara badamjanyň tohumyny artyp, nahar bilen ulanmak maslahat berilýär. Häzirki wagtda garyndaky we içegedäki agyryny aýyrmak üçin hem badamjan ýagy peýdalanylýar.
Garpyz
Ol halk lukmançylygynda gyzgynlygy peseldiji, gan köpeldiji serişde görnüşinde ulanylýar. Şeýle hem, süýji, sarygetirme kesellerini bejermek üçin peýdalanylýar. Onuň miwesindäki foliýew kislotasy ganyň emele gelmeginiň, şeýle hem birnäçe biohimiki geçişiň kadaly geçmegine ýardam edýär. Şonuň üçin, garpyzy gany ýetmeýän, şöhle keseli bilen näsaglan adamlara iýmek maslahat berilýär. Şeýle hem, garpyz bagyr, iç çişme kesellerini bejermekde, öt haltada emele gelen daşy erediji serişde hökmünde hem ulanylýar. Horlanjak adamlara garpyz iýmek maslahat berilýär.
Hyýar
Onuň dermanlyk üçin peýdasy uludyr. Onuň miwesinde azotly we azotsyz maddalar, kletçatka, mineral maddalar, kaliý, natriý, kalsiý, magniý, fosfor we birnäçe ýokumly witaminleriň bardygy anyklanyldy. Hyýaryň tohumyndan gaýnadylyp alnan şire naharyň ýanynda içilýär. Gök hyýaryň gabygy ýüzüň tämizligine kömek edýär.
Kelem
Dermanlyk üçin bakja keleminiň kellesi, az mukdarda köki we tohumy ulanylýar. Onuň ýapragynda gant, gemisellýuloza, witaminler, karotin, fermentler, mineral duzlar, lisozim, tartron kislotasy bardyr. Bakja kelemi gadym wagtlardan bäri halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýar. Mysal üçin, kelemiň ter ýapragy iriňli ýaralary, çişleri, deri kesellerini we oda ýanan ýerleri bejermek üçin ulanylýar. Ýapragyndan alnan suw bal bilen garylyp, öýkende, bagyrda hem-de bedende suw ýygnananda, dişagyry, garynagyry kesellerini bejermek üçin emdir. Kelemiň köki we gaty özeni bedende emele gelen çişi aýyrmak üçin peýdalanylýar. Onuň tohumyndan gaýnadylyp alnan şire agyry aýryjy serişde hökmünde ulanylýar.
Gülşirin GAÝYPOWA,
Taýýarlan: TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.