MAHABAT BARADA

       Bäsdeşiňiz hem siziň çykarýan harydyňyza meňzeş harydy bilen bazara çykýar. Ýöne bazarda öz ornuny haýsy haryt taparka, muny, elbetde, mahabat çözýär. Eger-de sizden tapawutlylykda, bäsdeşiňiz mahabatyň hyzmatyndan peýdalanýan bolsa, sizem oňa üns bermeýän bolsaňyz, elbetde, bäsdeşiňiziň işi oňuna bolup, onuň siziňkä meňzeş harydy öz alyjysyny tapar. Sebäbi bazarda siziň harydyňyzy hiç kim tananok, ol barada hiç hili maglumat ýok. Eger-de siz mahabatyň hyzmatyndan peýdalanmaýan bolsaňyz, siziň harydyňyzyň we bäsdeşiňiziň harydynyň aýratynlyklary barada alyjylar nireden bilsin.

       Koka-Kola içgisi barada biziň hemmämiz anyk maglumatlary bilýäris, ýagny ol ilat tarapyndan 1923-nji ýyldan bäri uly islegden peýdalanýan içgidir. Başgaça aýdanymyzda, indi 1 asyrdan bäri Koka-Kola alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilip satyn alynýan içgi hasaplanýar. Onuň bazardaky ýagdaýyna II Jahan urşam, ykdysady pese düşüşlikler hem öz täsirini ýetirip bilmedi. Koka-Kola kompaniýasy özüniň işini kiçijik hususy kärhanadan başlapdy. Kompaniýanyň şu günki derejä ýetmekligine iki sany zat täsir edipdir. Birinjiden, ýokary hilli önüm, ikinjiden, netijeli mahabat. Nähili ýagdaýlar bolsa hem, şu kompaniýa özüniň bazardaky ornuny saklap gelýär.

       Gadymyýetde ulanylan mahabatlardan ýene-de biri, senetkärleriň öz öndüren harydyna goýýan tagmasydyr. Mysal üçin, türkmen küýzegärleri ýasan küýzelerine öz hususy tagmasyny basypdyrlar. Küýze öndürýän senetkäriň abraýy barada, onuň öndürýän önümleriniň hiliniň ýokary derejeliligi barada öwgüli sözler ýaýrap başlandan soňra, alyjylar şol hünärmeniň tagmasy bar bolan küýzeleri gözläp başlapdyrlar. Ýuwaş-ýuwaşdan tagmaly öndürilýän önümlere bolan isleg tagmasyzlara garanyňda ýokarlanypdyr. Elbetde, bu ýagdaý şol harytlara ýokary bahalary goýmaga hem mümkinçilik döredipdir.

       Mahabatyň taryhyndaky esasy rol, ýagny onuň giň gerim bilen ýaýramagy 1450-nji ýylda Gutenbergiň hat ýazýan enjamynyň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Bu enjamda bildirişler köpeldilip, çap edilip, ýaýradylypdyr. Iňlis dilindäki ilkinji mahabat 1478-nji ýylda çap edilipdir.

       Mahabat 1622-nji ýylda iňlis dilinde çykan ilkinji gazetden soňra uly üstünliklere eýe bolup başlapdyr. Soňra Eddison we Stil diýen adamlar ýörite “Getler” ady bilen mahabat gazetini çykaryp başlapdyrlar. 1710-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda “Getler” gazetinde sakgal syrylýan päkileri ýitiletmek üçin ulanylýan kemerler we başga harytlar üçin mahabat bildirişleri ýerleşdirilipdir.

       ABŞ mahabat boýunça iň ýokary derejelere mahabatyň atasy hasaplanýan Benjamin Franklin döwründe ýetipdir. Onuň hususy gazeti bolan “Gazett” ady bilen çykarylan gazeti, ähli mahabat edýän gazetleriň arasynda tiražynyň (sanynyň) köplügi bilen tapawutlanypdyr.

       Umuman, mahabat söwdanyň ilerlemegine göniden-göni itergi berýär.

Gülşirin GAÝYPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY