Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyz halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara uly sarpa goýýar. Çünki bu hoşmeýilli gatnaşyklar dünýäde durnuklylygy we parahatçylygy berkarar etmeklige gönükdirilendir. Şeýle gatnaşyklar bolsa, biziň Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugrudyr.
Türkmenistan özüniň oňyn daşary syýasatyny alyp barmakda BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen dostlukly gatnaşyklara hormat goýmak, bütin dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi berkarar etmek ýaly ýörelgelere esaslanýar. Özüniň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan borçlaryna ygrarly bolan Türkmenistan bu gün şeýle asylly ýörelgeleri dünýä bileleşigi bilen halkara hyzmatdaşlygynda dowam edýär.
Bütin dünýäde parahatçylygy berkarar etmek üçin, ilkinji nobatda, onuň ähmiýetine düşünmeklik zerur. Şol jähtden hem, biz bu gezek parahatçylyk barada söhbet etmek isleýäris.
Parahatçylyk – bu asuda asmanyň, abadan ýurduň hem-de bagtyýar halkyň kepilidir. Parahatçylyk – bu ýurduň kuwwatynyň syýasy, ykdysady we medeni çygyrlarynda dünýä siwilizasiýasyna laýyklykda, belent sepgitlere ýetmegiň serişdesidir. Taryha nazar aýlasak, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde ýurdumyzyň “Ösüş – parahatçylygyň üsti bilen” diýip yglan etmegi-de bu hakykaty ýene bir gezek görkezdi.
Parahatçylyk – bu birek-birege bolan ynamdan, hormatdan we sylagdan başlanýar. Elbet-de, birek-birege bolan belent sarpa bolsa, halklaryň arasyndaky hoşmeýilli gatnaşyklarda ýüze çykýar. Türkmenistan hem Bitaraplyk ýoluny saýlap almak bilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine esaslanyp, özüniň oňyn daşary syýasatyny durmuşa geçirýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara hukugynyň “BMG-niň döredilmegi bilen döwletleriň birek-biregi bilen hyzmatdaşlyk” ýörelgesine laýyklykda, dürli ulgamlar boýunça sebit we sebitara gatnaşyklary giňden ýola goýdy. Diňe ykdysady ulgamda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara ulag geçelgesi ýa-da Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijileri ýaly hyzmatdaşlygy bellemek bolar. Sebitdäki we onuň çäklerinden daşardaky ýagdaýa görnetin täsir etmäge ukyply geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilik döretmäge saldamly goşant goşýan bu ykdysady hyzmatdaşlygyň howpsuzlygy möhüm ähmiýete eýedir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde türkmen wekiliýetiniň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň giň seslenme döredýändigi aýratyn bellärliklidir.
Howpsuzlyk – bu bütewi düşünje, şonuň üçin bu wajyp meselä ählumumy ýagdaýda, hemme döwletleriň gatnaşmagynda garalsa, göwnejaý netije gazanmak bolar. Dünýäde energiýa babatyndaky hyzmatdaşlyk hem barha giň gerim eýeleýär. Şol ulgam boýunça döwletara gatnaşyklary amala aşyrmakda onuň howpsuzlygynyň hem orny uludyr. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň howpsuzlygyny berjaý etmeklik bolsa, azyndan üç tarapa, ýagny, iberiji, geçiriji hem-de kabul ediji döwletlere degişli bolýar. Şuňa görä-de, howpsuzlyk düşünjesiniň köptaraplylyk, ählumumylyk ýörelgesine göz ýetirmek bolýar.
Dünýäde energiýa howpsuzlygyny berjaý etmek üçin ony berk hukuk binýady bilen berkitmeli. Ýagny, bu babatda şol maksada gönükdirilen halkara Konwensiýanyň zerurlygy duýulýar. Şol zerurlygy kanagatlandyrmak üçin bolsa, şu ugurdan ýörite bilermenler toparynyň döredilmegi, sebit we sebitara gepleşikleriň, halkara forumlaryň yzygiderli geçirilmeginiň ýola goýulmagy hem-de bu işiň diwersifikasiýa ýoly bilen alnyp barylmagy hökmanydyr. Türkmenistanyň bütindünýä münberinde öňe sürýän şular ýaly parasatly başlangyçlarynyň ählisi elmydama dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar.
Oguljahan BABAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.