Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy, zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi we ony ösdürmegi, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, terbiýeçilik işini guramak, giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar edilýär. Biz muňa kuwwatly döwletimiziň her bir ulgamynda, durmuşyň her bir pursadynda şaýat bolýarys. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, umumybilim berýän hem-de ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar, sport merkezleri yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Bar bolan ylym edaralary, bilim merkezleri döwrüň iň kämil enjamlary, kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilip, olarda bilim bermekligiň döwrebap usullary yzygiderli ornaşdyrylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda alnyp barylýan bu özgertmeler, beýik ýeňişli menziller kalplary buýsanja, guwanja beslenýär. Bu günki günde bilim edaralarynda elektron bilimi ýola goýmak we uzak aralykdan dolandyrylýan kämil tehnologiýalary peýdalanmak ösüşiň täze basgançagyna çykmaklyga şert döredýär. Şeýle hem, bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegi we olara tor arkaly elýeterliligiň üpjün edilmegi batly depginde alnyp barylýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllar durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” döwleti dolandyrmak işine ýaşlary çekmeklige, olaryň döwrebap bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny halkymyzyň bähbidine netijeli ulanmaklyga möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle çäksiz aladalara gurşalan bagtyýar nesiller, bagtly ýaşlar döredilýän döwrebap şertleri netijeli ulanyp, Watanymyza, il-halkymyza gerekli adamlar bolup ýetişmek ugrunda yhlasly okaýarlar hem döredýärler, dünýäde uly abraýa eýe bolan parahat we gülläp ösýän ýurdumyzyň watansöýüji şahsyýetlerine, täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülýärler.
Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli ynsanperwer döwlet syýasatynyň ýaşlara döwrebap bilim bermäge, nurana geljegi döretmäge gönükdirilendigini aýdyň subut edýär. Bu bolsa, döwrebap bilimlerden habarly bolan hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegi bilen birlikde, berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň belent derejelere çykmagynda, halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, nurana geljegi ugrunda uly aladalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir !
Sülgün PIRIÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.