GÖWÜN KÜÝSEGIDIR KÖRPEJIKLERIŇ ÜFLENILÝÄN SABYN KÖPÜRJIKLERI

       Sabyn köpürjikleri gadym wagtlardan bäri uly-kiçini özüne çekip gelipdir. Ol esasan hem, häzirki wagtda gülmeňiz çagajyklaryň iň söýgüli oýnawaçlary bolup hyzmat edýär.

       Gadymy Pompeýde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde hem arheologlar tarapyndan adam şekili berlen çişirilen köpürjikleri tapypdyrlar. Ol köpürjikler şu wagt hem köpleriň ünsüni özüne çekip başarýar.

       Sabyn köpürjikleriniň esasy gymmatly tarapy hem üflenende, onuň howada uzak wagtyň dowamynda saklanmagy bilen baglydyr. Bu düzüm gönüden-göni onuň ergininiň taýýarlanyşy bilen, ondaky ingrediýentleriň proporsiýasynyň dogry goýluşy bilen  baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem, ony özbaşdak taýýarlamakçy bolnanda, onuň taýýarlanyş yzygiderliligine üns bermeli.

Sabyn köpürjiklerini öý şertlerinde nähili taýýarlap bolar?

       Usul-1: Bu iň ýönekeýje usullaryň biri bolup, elde yuwmaga niyetlenen gap-gaç ýuwulýan serişdeden 200 milligram almaly we 600 milligram arassalanan suwa dermanhanalarda satylýan gliserin goşmaly we ähli ingrediýentleri gowy garyşdyrmaly. Bu ýerde goşulan gliseriniň ýerine şeker goşsaň hem bolýar, ol taýýarlan köpürjigimize berklik bermek üçin goşulýar. Bu köpürjik taýýarlanan wagtynda goşulýan suw adaty bolmaly däldir, sebäbi ol suwuň düzüminde dürli duzlar saklanýar, arassalanan suw ulanylanda köpürjik uzak saklanýar, emma ol gaty uly köpürjik emele getirmeýär.

       Usul-2: Bu usul biraz çylşyrymlydyr we düzüminde hem çylşyrymly maddalary saklaýar. 600 milligram gaýnar suwa 300 milligram gliserin goşmaly, 20 damja naşatyr spirti we külke görnüşli islendik bir yuwujy serişdeden 50 gram goşup, ony garmaly. Ähli ingrediýentleri doly garyp, 2-3 günläp durulanmaga goýmaly. Soňra ýuwaşjadan süzüp, 12 sagat sowadyjyda saklamaly. Bu iş biraz zähmeti talap edýär, emma ol taýýarlanan köpürjikler köpürjik festiwalyna gatnaşýan professional sabyn köpürjikleri ýaly uzak wagtlyk saklanýan iri – äpet köpürjikleri emele getirýär.

Taýýar bolan garyndynyň hilini nähili barlamaly?

       Taýýarlanan garyndydan emele gelen köpürjigiň bir halkasynyň diametri 30 millimetr bolanda ol 30 sekunt ýarylman saklanmaly, oňa başga köpürjik galtaşanda ýa-da barmak bilen dürtülende, ýarylmaly däl. Egerde ol şu häsiýeti ýüze çykarsa, onda ergin dogry taýýarlanylypdyr. Ol ergin doly taýýar bolandan soň, ony nähili enjam arkaly üflemeklik meselesini çözmeli bolýar.

Sabyn  köpürjiklerini nähili üflemeli?

       Taýýarlanyş usulyna baglylykda, ony saman-sypalda üflemeli. Şonuň üçin hem mineral suw ýa-da kokteýl içilýän inçe turbajyklardan peýdalanyp bolar.

 

Gülşirin GAÝYPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY