Änew şäherindäki üç müň orunlyk sport toplumynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagyny, berk bedenli, sagdyn ruhly, geljekde durmuşa taýýar düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmegini hem-de ýangyn howpy boýunça düşünjesiniň artmagyny gazanmakdan ybarat boldy. Ýaş ýangyn söndüriji toparlar degişli aralyklardaky päsgelçiliklerden geçmek we ýanyp duran ody öçürmek babatdaky ukyp-başarnygyny görkezdiler.
Uly gyzyklanma döreden bäsleşigiň netijesinde Babadaýhan etrabynyň mekdep okuwçylaryndan düzülen topar ýeňiji bolup, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňiji toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.
Rüstem MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýaty Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.