Sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen berkarar Watanymyzyň sport abraýy barha arşa göterilýär. Bu hakykat ak mermerli paýtagtymyzda badalga alýan hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň mysalynda has-da dabaralanýar.
Gahryman Arkadagymyz: “Sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir” diýip belleýär. Munuň şeýledigini hokkeý boýunça halkara ýaryş nobatdaky gezek subut eder.
15—20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriljek bu ýaryşa daşary ýurtlardan hokkeý toparlary gatnaşyp, ussatlygyny görkezer. Häzirki zaman sport desgalarynyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ýokary derejede türgenleşen ildeşlerimiziň — türkmen hokkeýçileriniň abraýly ýaryşda üstünlikli çykyş etjekdigine, ýurdumyzyň sport abraýyny arşa galdyrjakdygyna ynanýarys.
Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmakda ähmiýetli boljak hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň üstünlikli geçmegini arzuw edýäris. Türkmen sportunyň döwrebap derejede ösmegi babatynda edýän ummasyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Azat HALMYRADOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.