AKYL-PAÝHAS OÝNY BOÝUNÇA ÝARYŞ

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda küşt ýaryşy geçirildi. Akyl-paýhas oýny bolan küşt boýunça etrabymyzyň birinjiligini almak ugrunda geçen ýaryşa ýaş küştçüleriň onlarçasy gatnaşyp, ukyp-başarnygyny görkezdiler.

      Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sport-sagaldyş hereketini ösdürmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alan ýaryş gyzykly duşuşyklara baý bolup, ýaşlarda sporta höwesiň uludygyny, etrapda zehinli küştçüleriň az däldigini aýdyň görkezdi. Onda sport mekdebiň türgenleri Meret Amanow, Serdar Söýünow, Meret Seýitliýewa dagydan ybarat topar ýeňiji boldy. Ýeňijilere Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Rejepnur ATAÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA