Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek, ilatyň dürli gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek, şeýle-de berkarar Watanymyzyň sport abraýyny belende götermek babatda buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň paýtagtynda we sebitlerinde hereket edýän häzirki zaman sport desgalarynda sport bilen meşgullanmaga, netijeli türgenleşikleri geçmäge döwrebap şertlerdir mümkinçilikleriň bolmagy hem örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu ugurda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini ýaşlara düşündirmekde, wagyz-nesihat etmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň işgärleri hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.
Ýakynda Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew adyndaky Geňeşliginiň çägindäki sport mekdebinde «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ady bilen TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyk hem netijeliligi bilen tapawutlanan wagyz-nesihat çäreleriniň biri boldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan duşuşykda ýurdumyzda sporty, bedenterbiýäni ösdürmek, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak ugrunda edilýän tagallalaryň ähmiýeti barada gürrüň edilip, oňa gatnaşanlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.
Wagyz-nesihat duşuşyk tamamlanandan soňra, mekdebiň ýaş türgenleriniň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Sport mekdebiniň zallarydyr meýdançalarynda bolan ýaryşlarda tapawutlanan türgenler ýüze çykaryldy hem-de höweslendirildi.
Baýramgeldi BABAÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.